- armyt
- Botanika Süýnmegräk hasyl getirýän agaç hem-de onuň miwesi.∙ Dürli reňkdäki mähnet armytlar sallanşyp görünýär. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)∙ Ala dagyň armydy, Eneň-ataň barmydy? Seni ýada bereniň iki gözi körmüdi? («Türkmen Halk Şahyrana Döredijiligi)Ýazuw düzgüni: Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, t sesi d sesine öwrülýär.Meselem armyt - armydy.
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.